Top.Mail.Ru

CNPC Türkmenistan bilen tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekçi

11:3827.10.2022
0
28773

«Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022» halkara maslahatynyň birinji gününiň çäginde çykyş eden köp sanly daşary ýurtly gatnaşyjylar, Türkmenistan bilen ýangyç-energetika pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Hususan-da, Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Siszýun şu ýylyň iýun aýynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn sebitinde täze gaz ýygnaýjy bekediniň işe girizilendigini belläp, onuň Hytaý Halk Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolandygyny nygtady.

Hou Siszýunyň bellemegine görä, şu güne çenli Türkmenistandan Hytaýa 340 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Bu bolsa ykdysady ösüşe we iki ýurduň halklarynyň abadançylygyna netijeli goşant goşdy.

— Geljekde-de tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini we göwrümini ýokarlandyrmak üçin türkmen hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde möhüm şertnamalary durmuşa geçireris — diýip, CNPC-niň prezidenti belledi. Onuň sözlerini «Нейтральный Туркменистан» gazeti paýlaşdy.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022» halkara sergisindäki suratlara şu salgydan tomaşa edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň