Türkmenistanyň Prezidenti Farapda gaz paýlaýjy täze bekediň açylyş dabarasyna gatnaşdy

17:2418.06.2022
0
8950

Şu gün Türkmenistanyň gündogar sebitinde, ýagny Lebap welaýatynda saparda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze desga türkmen topragyndan alynýan «mawy ýangyjy» dünýä döwletlerine, şol sanda Hytaý Halk Respublikasyna eksport etmekde uly ähmiýete eýedir.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany dabara gatnaşyjylar uly şatlyk-şowhun, aýdym-sazlar bilen garşyladylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň gazananlaryny açyp görkezýän sergini synlady. Soňra dabaralar bu ýerdäki maslahat binasynda dowam etdi.

Türkmen Lideriniň dabarada eden çykyşy üns bilen diňlenildi Dabaranyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleri hem çykyş etdiler. Soňra wakalar «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan wideofilmiň görkezilmegi arkaly dowam etdi.

Döwlet Baştutany bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliniň haýyş etmegi bilen, düwmä basyp, bekediň işine ak pata berdi. Ýörite monitor arkaly dabara gatnaşyjylara bekediň işleýşi animasion şekilleriň üsti bilen görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahat binasyndan çykyp, desganyň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde işleriň gidişini synlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň