Turkmenportal logo
09.12.24
1379213792
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Owganystan we Türkmenistan elektrik üpjünçiligi şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy
Owganystan we Türkmenistan elektrik üpjünçiligi şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdySurat: newscentralasia.net

Owganystanyň iň uly energiýa kompaniýasy bolan «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS Türkmenistan bilen energiýa satyn almak şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy. Bu barada «Newscentralasia» habar berdi.


Bu şertnama DABS-yň baş ýerine ýetiriji direktory Abdul Bari Omaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana sapary wagtynda gol çekildi.


DABS-yň habaryna görä, bu şertnama laýyklykda elektrik togy Türkmenistandan Owganystana dört ugur boýunça, ýagny Andhoý, Akina, Badgis we Turgundy — Hyrat arkaly getiriler.


Owganystan içerki çeşmelerden, takmynan, 300 megawat elektrik öndürýär we her ýyl goňşy ýurtlardan — Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Eýrandan 620 megawatdan gowrak energiýa import edýär diýlip, habarda bellenilýär.