Arhiw

Türkmenistan Azerbaýjana benziniň 42 müň tonnasyny eksport etdi

20:4224.10.2022
0
29203
Türkmenistan Azerbaýjana benziniň 42 müň tonnasyny eksport etdi

2022-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkmenistan Azerbaýjana 42 müň 831,33 tonna AI-92 benzini eksport etdi. Bu barada «Interfaks-Azerbaýjan» agentligi habar berdi.

Bu döwürde Türkmenistandan AI-92 benziniň Azerbaýjana eksporty 49 million 597,21 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistan bu ýangyjy goňşy ýurda eksport etmekde Russiýadan soň ikinji ýerde durýar. 2022-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Azerbaýjan 198 müň 790,13 tonna AI-92 benzini import etdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 39,8 esse köpdür.

Gymmatlyk nukdaýnazaryndan AI-92 benziniň importynyň mukdary 223 million 456,8 müň dollardan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 93,6 esse köpeldi.

AI-92 benziniň Azerbaýjanda diňe Geýdar Aliýew adyndaky Bakuw nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýändigini bellemelidiris. Azerbaýjanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen, 2022-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 2022-nji ýylyň 1-nji iýuny aralygynda AI-95 we AI-92 benzini import etmek üçin gümrük paçlary 15%-den nola çenli azaldyldy. Şeýle hem 2022-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Azerbaýjan 7 million 747,05 müň ABŞ dollary möçberinde Türkmenistandan 8 müň 196,25 tonna Premium Euro-95 awtoulag benzini import etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň