Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň haýwanat bagynda krokodilleriň we žiraflaryň maşgalalaryna täze agzalar goşuldy, Resul Gylyjowyň simfoniki orkestri «Iň gowularyň ählisi Bisde!» konsertini berer, Türkmenistanyň günortasynda 35 gradusa çenli maýyl howa garaşylýar

10:5920.10.2022
0
23056

1. Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýinde birbada iki maşgalada – Nil krokodilleriniň we torly žiraflaryň çagalary dünýä indi. Häzirki wagtda kiçijik krokodiljik aýratyn bölümde karantinde saklanýar, onuň bedeni berkeşen badyna myhmanlara görkeziler. Iki metrlik çaga žiraf bolsa eýýäm haýwanat bagynyň myhmanlarynyň göwnüni açmaga başlady.

2. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar kamera orkestri nusgawy sazlaryň muşdaklaryny «Iň gowularyň ählisi Bisde!» konsertine çagyrýar. 12-nji noýabrda Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýaşlar orkestriniň repertuarynyň iň gowy we iň meşhur wokal-instrumental eserleri ýaňlanar. Konserte meşhur wokal aýdymçylary Maýa Nyýazowa, Leýli Ökdirowa, Nury Nuryýew we skripkaçy Samir Rizaýew gatnaşarlar.

3. Ak bugdaý etrabynda «Halk market» dükanlar zynjyrynyň şahamçasy açyldy. Täze söwda nokady «Gämi» söwda merkezinde ýerleşýär. Dükanda ozalkylar ýaly, azyk harytlarynyň, arassaçylyk, hojalyk himiýa, kosmetika serişdeleriniň we beýleki harytlaryň baý görnüşleri hödürlener.

4. Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkeziniň ofisinde sowadyjylaryň önümçiligi ulgamynda Türkmenistanyň parnik täsirini güýçlendirýän freonlaryň dolanyşygyny aradan aýyrmak döwrüni durnukly geçmegine ýardam berjek çäreler boýunça maslahat duşuşygy geçirildi. Ozon merkeziniň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistan 2047-nji ýyla çenli daşky gurşaw üçin howply freonlardan dolulygyna ýüz öwrer.

5. Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan «Sungat we şygryýet» festiwaly açyldy. Oňa Türkmenistanyň kerler we körler jemgyýetleriniň agzalary gatnaşýarlar. Forumyň maksatnamasynda Türkmenabadyň käbir bilim edaralarynda konsert çykyşlaryny guramak göz öňünde tutulandyr.

6. Günorta-Hazar harasatynyň (siklon) ýüze çykmagy Türkmenistanyň günortasyna ýyly howa akymlaryny aralaşmagy üçin ýol açdy. Anna güni Aşgabada az wagtlyk tomus gaýdyp geler, howanyň temperaturasy +32 – +35 gradusa çenli gyzar. Ahal welaýatynda hem howanyň temperaturasy +30 gradusdan geçer.

7. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkiýede dynç alýanlar üçin täze salgyt – ýaşaýyş üçin salgydy girizilýär. Tölegi syýahatçy tarapyndan syýahatçylyk ýollanmasy alnan wagtynda tutup galmak meýilleşdirilýär. Salgyt salma ulgamy syýahatçylaryň bolýan ýerleriniň ähli görnüşlerine degişli ediler: myhmanhanalar, myhman jaýlary, umumy ýaşaýyş jaýlary (hosteller), moteller. Ýaşaýyş üçin salgydy gijeki düşelge hyzmatynyň we adatça, toplumlaýyn berilýän beýleki hyzmatlaryň – iýmit, güýmenje, howuzdan peýdalanmak, spa hyzmatlary we ş.m. 2% möçberinde salnar.

8. Britaniýaly aktýor Tom Felton Garri Potter hakyndaky filmleriň surata düşürilen meýdançasyndan anyk maglumatlary paýlaşdy. Her zaýalanan dubl üçin ýaş aktýorlar «gyzyl duýduryş» görýärdiler, ýagny ol çaganyň ýörite torba £10 goýmalydygyny aňladýardy. Surata düşüriş gününiň ahyrynda jerimelerden toplanan pullaryň ählisi haýyr-sahawat üçin iberilýärdi. Şeýle hem Felton özüniň Rol Uizliniň keşbini ýerine ýetiren kärdeşi Rupert Grintiň özüni alyp barşy üçin iň uly möçberde jerime alandygyny ýatlady. «Meniň pikirimçe, ol diňe ilkinji iki filmiň dowamynda £2,5 müňden gowrak berdi, onuň kikirdeýän (gülýän) wagty özüne erk edip bilmezligi şol derejededi» – diýip, britan aktýory aýdyp geçdi.

9. Tennis boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Bahreýnde geçirilýän Dewisiň Kubogynda ynamly çykyş etmegini dowam edýär. Butanyň toparyndan soňra türkmen tennisçileri Mongoliýanyň ýygyndysyny hem ýeňdiler. Ýuriý Rogusskiý we Meýlis Orazmuhammedow mongol tennisçilerinden ýekeleýin duşuşyklarda hem, ikileýin duşuşyklarda hem üstün geldiler.

10. Noýabrda 2022/2023-nji ýyllarynyň şaýba möwsümi bilen hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga bermek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň başlygy Jora Hudaýberdiýewiň bellemegine görä, gatnaşyjylaryň sany entek ylalaşylýar, emma guramaçylar 8-den az bolmadyk hokkeý toparlarynyň gatnaşjakdygyna garaşýarlar. Duşuşyklar Aşgabadyň iki sany buzly meýdançasynda – «Galkan» sport merkezinde we Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň