Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň haýwanat bagynda nil krokodiliniň çagasy boldy

13:1219.10.2022
0
35546

Türkmenistanda Janly tebigatyň milli muzeýinde nil krokodiliniň jübütiniň çagasy boldy diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berdi.

Aslynda, krokodiller gury ýerde höwürtgeleýärler we ýumurtgalaryny şol ýerde goýýarlar. Haýwanat baglarynda bolsa, hünärmenleriň aýtmagyna görä, krokodiller köplenç ýumurtgalaryny suwa taşlaýarlar we netijede, ýumurtga ölýär. Şol sebäpli hem Aşgabadyň haýwanat bagynyň işgärleri krokodillerden nesil almak maksady bilen, olaryň ýumurtgasyny tomsuň başynda inkubatora goýdular we 120 günden soň çaga krokodiliň ýumurtgadan çykyşyna şaýat boldular. Häzirki wagtda çaga krokodil aýratyn terrariumda karantin edildi. Onuň birneme soňrak - güýç-kuwwata gelenden soň myhmanlara görkeziljekdigi aýdylýar.

- Bu bize 2010-njy ýylda getirilen nil krokodilleriniň ilkinji çagasy. Getirilen wagty olar ýaňy bir üç ýaşyndady. Nil krokodilleriniň ýumurtgalary berk bolýar, ýöne inkubasiýa wagtynda gabyk ýukalýar. Wagty gelende, krokodil gabygy deşip, «öýünden» çykdy we gurbaganyňka meňzeş sesleri çykaryp başlady - diýip, haýwanat bagynyň ýolbeledi Şirin Berdiýewa gürrüň berýär.

Haýwanat bagynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, myhmanlaryň arasynda iň meşhur haýwanlar bolan torly žiraflaryň hem ýaňy-ýakynda ilkinji çagasy boldy. Şeýle hem, krokodiller ýaly, žiraflaryň hem haýwanat bagynyň açylan ýylynda - 2010-njy ýylda Türkmenistana getirilendigi aýdylýar.

Türkmenistandaky Janly tebigatyň milli muzeýi 40 gektardan gowrak meýdany tutýar. Onuň çäginde ýyrtyjylaryň, öý haýwanlarynyň, guşlaryň, süýrenijileriň, suwasty dünýäniň wekilleriniň 250-den gowrak görnüşi ýaşaýar we olaryň köpüsi Gyzyl kitaba girizilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň