Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Belarusda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

10:1820.10.2022
0
9895

Şaýbaly hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň III dwizionynyň 2023-nji ýylda geçiriljek ýaryşyna taýýarlyk görmek maksady bilen, bu ýaryşyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ýygyndysy Belarus Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçer. Ýygnanyşygy Köpugurly «Dinamo Minsk» medeni-sport toplumynda geçirmek meýilleşdirilýär.

2023-nji ýylda boljak bu ýygnanyşykda türkmen hokkeýçileri ýerli toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň hem birnäçesini geçirerler.

Dünýä çempionatynyň II dwizionyna çykmak üçin göreş indiki ýylyň 17 ― 23-nji apreli aralygynda Günorta Afrika Respublikasynda geçiriler. Türkmen ýygyndysy III dwizionyň «B» toparçasynda ýerli hokkeýçiler we KHDR-nyň, Lýuksemburgyň, Tailandyň hem-de Taýwanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşarlar. Türkmen ýygyndysy bu toparçada birinji orny eýeläp bilse, 2024-nji ýylda III dwizionyň «A» toparçasyna goşulmaga hukuk gazanar. «A» toparçanyň ýeňijisi bolsa soňky ýaryşda II dwizionyň «B» toparçasynda ýaryşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň