Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet saparynyň çäginde 14 resminama gol çekildi

15:5915.10.2022
0
21974
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana döwlet saparynyň çäginde 14 resminama gol çekildi
Surat: informburo.kz

«Akorda» köşgünde ikiçäk geçirilen duşuşykdan soň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi wekiliýetleriň gatnaşmagynda gepleşikleri gepleşikleri giňeldilen dowam etdirdiler diýip, «Kazinform» habar berdi.

Gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn resminamalaryň 14 sanysyna gol çekildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki Beýannamasy hem-de şu aşakdaky resminamalar bar:

1. 2022 – 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça hemmetaraplaýyn Maksatnama;

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň arasynda kosmos giňişligini parahatçylykly maksatlar bilen öwrenmek we ulanmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastrukturalaýyn ösüş ministrliginiň arasynda üstaşyr ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada Ähtnama;

4. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda ösümlikleriň karantini babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

5. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

6. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

7. Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

8. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastrukturalaýyn ösüş ministrliginiň arasynda himiýa senagaty babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

9. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Gazagystanyň Daşary söwda edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

10. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Gazagystan Respublikasynyň «Atameken» Milli senagatçylar edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;

11. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda jenaýatçylyga garşy göreşmek babatda meýiller hakynda Ähtnama;

12. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik gözlegler merkezi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Daşary syýasy gözlegler institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

13. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Abylaý han adyndaky Halkara gatnaşyklary halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri gazak uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama.

Belläp geçsek, häzirki wagta çenli Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň 140-dan gowragy hereket edýär diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň