Arhiw

GDA-nyň döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň Arkalaşygyň Dostluk oýunlaryny guramak baradaky teklibini goldadylar

18:4814.10.2022
0
28911
GDA-nyň döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň Arkalaşygyň Dostluk oýunlaryny guramak baradaky teklibini goldadylar
Surat: belta.by

Habar berşimiz ýaly, şu gün Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi. «Belta.by» elektron neşiriniň habar berşi ýaly, türkmen Lideri öz çykyşynda sport boýunça Arkalaşygyň Dostluk oýunlaryny geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Bellenilişi ýaly, GDA-nyň döwlet Baştutanlary sammitde Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldadylar we Ýerine ýetiriji komitete degişli meseläniň üstünde işlemegi tabşyrdylar.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň dar düzümde geçirilen mejlisinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin: «Gowy pikir. Diýseň ynsanperwerlikli» diýip, bu başlangyjy goldady. Şeýle-de Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem bu başlangyjy goldaýandygyny mälim etdi.

«Aslynda, gowy pikir. Hemmämiz ylalaşarmykak diýip pikir edýärin» diýip, Tokaýew belledi.

Sammitde sport ýaryşlary parallel geçmez ýaly, ony Olimpiýa oýunlary we Dünýä çempionatlaryna meňzedip, aýlaw esasda guralmalydygy barada umumy pikir orta atyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň