Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew Astanada açylan GDA sammitinde Serdar Berdimuhamedowy mübärekledi

11:3514.10.2022
0
28052
Tokaýew Astanada açylan GDA sammitinde Serdar Berdimuhamedowy mübärekledi

Habar berşimiz ýaly, şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady. Nobatdaky ýokary derejeli duşuşyga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

«Kazinform» elektron neşirinde habar berlişi ýaly, duşuşygyň başynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew GDA-nyň sammitine ilkinji gezek gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekledi.

«Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Sammite gatnaşýan kärdeşlerimiň adyndan we hut öz adymdan Sizi Gazagystanda mübärekleýärin we doganlyk türkmen halkynyň bähbidi üçin jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin» diýip, gazak Lideri belledi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitini açyk diýip yglan edip, medeni-ynsanperwer, howpsuzlyk we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň garamagyna hödürlenendigini aýtdy.

Sammite Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlary, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy ― Ýerine ýetiriji sekretary gatnaşýar.

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ilkinji gezek geçirilýän «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitine gatnaşar. 15-nji oktýabrda bolsa, saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşar. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek we gün tertibindäki beýleki möhüm meseleler barada pikir alyşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň