Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrar

11:5407.10.2022
0
27997

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystana döwlet saparyny 15-nji oktýabrda amala aşyrar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugyna salgylanyp, Kazinform habar berýär.

Ýadymyzda bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny guramak meseleleri iki ýurduň daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary Wepa Hajyýew bilen Ýermuhambet Konuspaýewiň syýasy geňeşmeleriň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Şeýle hem 11-12-nji oktýabr aralygynda Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň we 12-nji oktýabrdan 13-nji oktýabr aralygynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gazagystanda döwlet saparynda bolmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň