Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň sammitine gatnaşýar

11:0014.10.2022
0
25393
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň sammitine gatnaşýar
Surat: president.az

Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady. Ilki bilen, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Liderleriniň dar düzümdäki mejlisi geçirilýär. Soňra sammitiň işi giňeldilen düzümde dowam eder. Nobatdaky ýokary derejeli duşuşyga Prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, GDA-nyň şu gezekki sammiti pandemiýadan soňky döwürde gurama agza döwletleriň tas ählisiniň Baştutanlaryny ýüzbe-ýüz görnüşde bir meýdança jemledi. Şolaryň hatarynda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Liderleri we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy ― Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew bar.

Sammitiň dowamynda taraplar Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şol sanda howpsuzlyk meselelerinde goşulyşmak işlerini mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesini kabul ederler. Hususan-da, howpsuzlyk ulgamynda özara hereketleri pugtalandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanlary tarapyndan 2023 ― 2025-nji ýyllarda terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmegiň Hyzmatdaşlyk maksatnamasy tassyklanylar. Şeýle-de Gazagystanyň başlangyjy bilen medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Beýannamany kabul etmek meýilleşdirilýär.

Astana duşuşygynyň dowamynda 2023-nji ýylda GDA-da başlyklyk etmegi Gyrgyz Respublikasyna geçirmek we geljekki sammitiň Bişkek şäherinde guralmagy hakynda çözgüt hem kabul ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň