Döwrebaplygyň kerwenbaşysy: «Hermitage Home Interiors» santehnika enjamlarynyň we wanna mebelleriniň ajaýyp kolleksiýalaryny hödürleýär

11:2114.10.2022
0
23135

Antonio Lupiniň döredýän ajaýyp mebelleri we wanna santehnika enjamlary bilen tanyşmazdan bu ugurdaky minimalizm stiline adaty ýa-da has ýönekeý diýip baha bermek bolmaz.

Häzirki zaman wanna enjamlaryny öndürmekde öňdebaryjylaryň biri bolan italýan haryt nyşanyny diňe has öwgüli jümleler bilen aňladyp bolar. Ajaýyp görnüşler, oýlanyşykly detallar hem-de awtoryň özboluşly dizaýny Antonio Lupiniň kolleksiýalaryny tapawutlandyrýar.

«Hermitage Home Interiors» kompaniýasy türkmenistanylara italýan nusgasyndaky wannalary gurnamaga ýardam edýär. «Antonio Lupi» haryt nyşany rakowinalary, wannalary, radiatorlary, bideleri, kranlary, duş kabinalaryny hem-de beýleki zerur enjamlary öndürýär. Adaty we diwar kranlaryndan başga-da, italýan kompaniýasy özbaşdak aýratyn ýerleşdirilen wannalar üçin pol kranlaryny hem öndürýän seýrek kärhanalaryň biridir.

Antonio Lupiniň tapawutly aýratynlygy özboluşly tehnologiki proses — üznüksiz örtükli bolmagydyr. Munuň netijesinde bolsa mebel gurşawdaky temperaturanyň aşa ýokary çygly bolmagyndan we gyzgyn bugdan ygtybarly goralýar. Täsin ýeri bolsa, Antonio Lupi zawodynyň önümçilik işiniň 80% -i el bilen ýerine ýetirilýär: mysal üçin, önümçilik tapgyrynda kesmek, reňklemek, gurnamak işleri. Duroglass öwüşginsiz aýnalarynyň innowasion usulda bejerilmegi onuň çyzylmagynyň we oňa suw tegmilleriniň degmeginiň öňüni alýar.

Kolleksiýalary döretmek üçin ulanylýan aýnalar, tebigy daşlar, şeýle hem akril rezinden we tebigy materiallardan ýasalan kompozitler aýratyn üns çekýär. Daşyň tebigy şekilini gaýtalamak mümkin däldir, hut şonuň üçinem Antonio Lupiniň rakowinalarynyň iki sany meňzeş görnüşi ýokdur.

«Hermitage Home Interiors» 2014-nji ýyldan bäri kaşaň önümleriň pudagynda mebel, yşyklandyryş enjamlary, santehnika enjamlary we başga-da köp ugrular boýunça ýewropaly önüm öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär.
Kompaniýanyň hünärmenleri interýer bezeglerini üpjün etmekde diňe ynamdar öndürijileriň enjamlaryny we materiallaryny peýdalanýarlar.

Habarlaşmak üçin:

  • Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Mollanepes köçesi, 27-nji jaý, «Dürdäneli» söwda merkezi;
  • Telefon belgileri: (+993 12) 41 59 02, (+993 65) 56 41 59;
  • Elektron poçta salgysy: info@hermitage.tm;
  • Resmi web saýty: hermitage.tm.

Çeşme: сантехника-24.рф.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň