Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Hermitage Home Interiors» çaga otagynyň özboluşly bezegini işläp düzýär

09:3005.09.2022
0
14582

Türkmenistanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan «Hermitage Home Interiors» otaglaryň häzirki zaman bezeg usullary esasynda çaga otaglarynyň dizaýn taslamalaryny döretmek we durmuşa geçirmek hyzmatlaryny hödürleýär.

Çaga otagy – çagalar üçin ýatylýan otagyň, oýun meýdançasynyň, myhman otagynyň ornuny tutýan, sport we okuw bilen meşgullanýan ýeri bolan aýratyn we köpmaksatly otagdyr. Şonuň üçin hem bu ýerde ähli zatlaryň ýerleşdirilişinde iň ownuk detallara çenli göz öňünde tutulmaly, çaga otagy rahat, gelşikli, howpsuz we döwrebap bolar ýaly, bu ýeriň ergonomikasy saklanmaly.

«Hermitage Home Interiors» kompaniýasy, altmyş ýyldan gowrak wagt bäri müşderileriniň islegleriniň esasynda mebel çözgütleriniň önümçiligine ýöriteleşen italiýan öndüriji «Tumidei» bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.

Italiýaly we türkmenistanly hünärmenleriň hyzmatdaşlygynyň üstünlikleriniň aýdyň mysaly hökmünde «Hermitage Home Interiors» kompaniýasynyň soňky taslamalarynyň birini – iki sany dürli ýaşly uýalar üçin çaga otagyny mysal getirip bileris.

Bezeg taslamasynda her gyzjagaz üçin aýratyn giňişlik, rahat stollar ýerleşdirilen iş zolaklary, bölüji diwar, rahat krowatlar, şifonerler we telewizor oturdylan mebelli dynç alyş zolagy göz öňünde tutulypdyr.

«Hermitage Home Interiorsda» bellenilişi ýaly, ergonomikanyň ähli aýratynyklary, mebelleriň ýerleşjek ýeri we dizaýny sargyt resmileşdirilmänkä öňünden göz öňünde tutulýar we ara alnyp maslahatlaşylýar.

«Tumidei» fabrikasyny saýlamagyň esasy peýdaly tarapy – inoowasion mehanizmler we ýygnama detallary peýdalanylyp taýýarlanan goşlary saklamak üçin dürli açylýan we süýşýän «smart living» ulgamlarynyň bolmagy. Şeýle hem fabrika sargyt edijileriň isleýän zatlaryny saýlamagyna mümkinçilik berýän agaç, dokma we deri önümleriniň köpsanly görnüşlerine eýedir.

«Hermitage Home Interiors» kompaniýasynyň çaga otaglarynyň bezegi boýunça işläp taýýarlan taslamalary barada has anyk maglumat almak üçin kompaniýanyň hünärmenlerine şu salgyda ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Mollanepes köç., 27-nji jaý, «Dürdäneli» söwda merkezi.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon: (+993 12) 41 59 02;
  • elektron poçta: info@hermitage.tm;
  • resmi saýty: hermitage.tm.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň