Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Köpetdag» öz meýdanynda «Şagadamy» ýeňdi

23:5908.10.2022
0
19529

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyryndaky duşuşykda «Köpetdag» «Şagadamdan» rüstem çykdy. «Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Bu duşuşykdan soň utugyny 21-e çykaran «Köpetdag» dördünji orundaky ýerini gorady. 16 utukly «Şagadam» bolsa bäşinji orunda galdy.

«Köpetdag» 14-nji oktýabrda myhmançylykda «Energetik» bilen oýnar, «Şagadam» bolsa şol gün «Merwi» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň