Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze önümçilik desgalaryny gurmaga we enjamlaşdyrmaga gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaponiýaly işewürler bilen bolan duşuşygynda aýdyldy.
«Türkmenistan» gazetiniň ýazyşy ýaly, duşuşygyň dowamynda maýa goýum işjeňligini pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny artdyrmak we gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanda ozal bar bolan önümçilik-senagat desgalarynyň ikinji tapgyryny gurmak baradaky çözgütlere garaldy.
Bu desgalar hakynda aýtsak, Garabogazda 600 müň tonna ammiak, şeýle-de 1 million 155 müň tonna karbamid dökünini, Owadandepede 600 müň tonna gazdan benzin öndürýän zawodlary gurmak, Türkmenabatda ýylda 300 müň tonna fosfor dökünini öndürýän zawodyň gurluşygy, şonuň ýaly-da, ýurdumyzda türkmen we ýapon telekeçileriniň bilelikde 640 müň tonna karbamid we 400 müň tonna ammiak öndürýän zawody gurmaklary meýilleşdirilýär.
Bu ugurda ylalaşyga gelmek meselesine Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisinde serediljekdigi bellenildi.
Şeýle-de okaň: