Soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy iki esseden gowrak artdy. 2023-nji ýyl iki döwletiň arasyndaky söwdanyň möçberi 1 milliard amerikan dollaryndan geçen bolsa, 2024-nji ýylyň on aýyndaky görkeziji 940 million amerikan dollaryna ýetdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Ýylyň ahyryna çenli bolsa geçen ýylky sepgidiň hem yzda galjakdygyna şübhe ýok diýlip, habarda bellenilýär. Iki goňşy döwlet ýakyn ýyllarda özara söwdanyň möçberini 2 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirmegi meýilleşdirýär.
Şunda hususy pudaga aýratyn orun degişlidir. Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumda bellenilişi ýaly, şu gezekki çäreler türkmen we özbek işewürleri üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.