Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýa Türkmenistanyň ykdysadyýetine ABŞ-nyň 11 milliard dollary möçberinde maýa goýdy

11:5303.10.2022
0
27500

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän, 230 million ýewra we 17 milliard ýene golaý bolan 38 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaponiýaly işewürler bilen geçiren gepleşiklerinde aýdyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şu ýyllarda netijeli syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ösdürildi. «ITOCHU», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi», «Sojits», «Sumitomo» hem-de beýleki korporasiýalar türkmen ykdysadyýetini, durmuş ulgamyny ösdürmäge uly goşant goşdular we goşmagyny dowam edýärler. Olar energetika pudagynda, mineral serişdeleri çykarmakda, himiýa senagatynda, ulag we agrosenagat toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirýärler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy diňe soňky dört ýylyň içinde ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri senagat kärhanalary işe girizildi. Şol kärhanalaryň hatarynda Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar diýip nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda-da «Komatsu» kompaniýasynyň bahasy 470 million amerikan dollaryndan hem köp bolan ýer gazyjy tehnikalaryny, şeýle-de «Toyota» kompaniýasynyň deslapky bahasy 90 million amerikan dollary bolan awtoulag tehnikalaryny Türkmenistana ibermek baradaky Baş ylalaşygyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Bularyň ählisi biziň özara bähbitli, uzak möhletli häsiýeti bolan hyzmatdaşlygymyzyň üstünlikli mysallarydyr. Bu hyzmatdaşlyk toplanan tejribä, onuň durnuklylygyna, ösüşe gönükdirilendigine daýanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň