Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Filippinleri ýeňdi

23:0501.10.2022
0
28046
Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Filippinleri ýeňdi

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy (U17) Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama tapgyryndaky birinji duşuşygynda Filippinleriň ýygyndy toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy.

Birinji tapgyryň beýleki duşuşygynda Iordaniýanyň hem-de Siriýanyň ýetginjekler ýygyndylary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Saýlama tapgyryň «A» toparçasynyň merkezleşdirilen görnüşde, Iordaniýanyň Zarka şäherinde geçirilýändigini ýatladýarys.

Bu toparçada biziň ýygyndymyzdan başga-da Ýaponiýanyň, Iordaniýanyň, Filippinleriň hem-de Siriýanyň ýetginjekler ýygyndylarynyň çykyş edýändiklerini ýatladýarys.

Ýetginjeklerden düzülen ýygyndy toparlaryň (U17) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry 2023-nji ýylda Bahreýnde geçiriler. Yklym ýaryşynyň final tapgyrynda saýlama ýaryşyndaky toparçalaryň 10-synyň ýeňijileri bilen ikinji ýer alan ýygyndylaryň iň gowy netije görkezenleriniň bäşisi çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Bahreýniň ýygyndysy ýer eýesi hökmünde yklym ýaryşynyň final tapgyryna göni gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň