Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Nebitçi» 10 gezek utulan ilkinji topar boldy

10:2030.09.2022
0
14428

Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň şu möwsüminde 10 gezek utulan ilkinji topar boldy. «Nebitçi» yzda galan 11 duşuşygyň diňe birinde ýeňiş gazanyp, galanlarynda garşydaşlaryndan asgyn geldi.

«Nebitçiden» soň 10-njy utulyşy bilen ýüzbe-ýüz bolmak howpy «Aşgabat» we «Energetik» toparlaryna abanýar. Iki topar hem 11 duşuşykda 8 gezek utuldy.

Möwsümde «Ahalyň» heniz bir gezek hem utulmandygyny, «Altyn asyryň» bolsa diňe bir gezek garşydaş topardan asgyn gelendigini ýatladýarys. Henize çenli «Merwde» 3, «Köpetdag» bilen «Şagadamda» 4 utulyş bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň