Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirýär

10:4624.09.2022
0
19240
Türkmenistan oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirýär

Türkmenistan bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmeklige ünsi güýçlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet Maslahatynda «Türkmenistanda bugdaý, pagta we gant şugundyryny öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda» Karara gol çekdi.

«Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bu resminama ýurduň oba hojalykçylaryny dänäniň, pagtanyň we gant şugundyrynyň bol hasylyny öndürmäge, bu ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga hem-de hojalyklarda mallaryň iým üpjünçiligini gowulandyrmaga bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Karara laýyklykda, 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýy, pagtany we şeker şugundyryny gaýtadan işlemekden alynýan iýmlik önümleriň 50 göterimini öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu çözgüdiň oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmekde hem-de ýurdumyzda azyk üpjünçiligini ýokarlandyrmakda ähmiýetli boljakdygyny aýtdy. «Munuň özi önüm öndürijilere döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüler» — diýip, ýurt Baştutany wise-premýere resminamadan gelip çykýan meseleleriň dogry ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň