Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň ulag we energetika taslamalaryny goldaýar

20:5423.09.2022
0
21686

Aziýanyň ösüş banky 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň energetika we ulag pudaklarynyň maýa goýum taslamasy üçin 625 million dollar we tehniki kömek grantlary hökmünde 8 million dollar bölüp berdi. Bu barada bankyň Türkmenistan boýunça müdiri Artur Andrysýak Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan «Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy: tejribe we ösüş mümkinçilikleri» atly halkara maslahatda eden çykyşynda belledi.

Bellenilişi ýaly, energetika pudagyny goldamak taslamasy 2000 kilometrlik elektrik geçirijileri we 11 sany podstansiýany dikeltmegi maksat edinýär. Şeýle-de bitewi milli elektrik geçiriji toruny döretmek, diňe bir içerki üpjünçiligiň hilini ýokarlandyrmak däl, eýsem, Türkmenistandan daşary ýurtlara elektrik eksportyny artdyrmak hem meýilleşdirilýär.

Ozal Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi maksat edinýändigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň