Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýaly aktýor Sergeý Puskepalis ýol-ulag hadysasynda heläk boldy

11:4521.09.2022
0
14923

Tanymal rus aktýory we režissýory Sergeý Puskepalis ýol-ulag heläkçiliginiň pidasy boldy diýip, «Izwestiýa» gazeti habar berdi.

Hadysa ýurduň Ýaroslaw oblastynda boldy, aktýoryň münen awtoulagy tirkegli ýük ulagy bilen çaknyşdy. Netijede, aktýor we sürüji gurban boldy.

Häzirki zaman rus teatrynyň görnükli wekili Sergeý Piskepalis 1966-njy ýylda ýurduň Kursk şäherinde doguldy. Ol kinoda hem köp surata düşýärdi. Aktýor «Sewastopol üçin söweş», «Ölmez-ýitmezler» we «1945 Berliniň üstündäki ganatlar» atly filmlerde ýatda galyjy keşpleri döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň