Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: myhmançylykda «Energetigi» uly hasap bilen ýeňen «Ahal» çempionlyga ýene bir ädim ýakynlaşdy

22:3017.09.2022
0
12584

10-njy tapgyryň çäginde Marydaky «Energetik» stadionynda geçirilen duşuşyk tamamlandy. Onda ýerli «Energetik» çempionatyň öňdebaryjysy «Ahaly» kabul etdi. Duşuşyk myhmanlaryň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Hasaby ilki bilen 15-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Elman tagaýew açdy. 48-nji minutda möwsümiň iň netijeli futbolçysy Didar Durdyýew hasaby 2:0-a çykardy. 51-nji minutda tapawutlanan Arslanmyrat Amanow «Ahalyň» ýeňşini has berkitdi. 53-nji minutda bolsa Elman Tagaýew özüniň duşuşykdaky ikinji pökgüsini geçirip, duşygyň ykbalyny kesgitledi.

28 utukly «Ahal» ýaryş tertibiniň başyny çekýär. 10 duşuşykda 7 utuk toplan «Energetik» bolsa altynjy orunda galdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň