Ozal habar berşimiz ýaly, düýn — 15-nji sentýabrda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow birleşigiň agzalaryny hem-de onuň işine işjeň gatnaşýan beýleki adamlary höweslendirmek we sylaglamak maksady bilen, degişli Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşanynyň täze nusgasy hem-de onuň Düzgünnamasy, şeýle-de nyşanyň Ýazgysy tassyklanyldy.