Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň maslahaty geçirildi

15:5715.09.2022
0
23478
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň maslahaty geçirildi
Surat: Türkmenmetbugat

Şu gün Aşgabat şäherindäki «Mekan» köşgünde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIII maslahaty geçirildi.

«Türkmenmetbugat» elektron neşirinde habar berlişi ýaly, maslahat Birleşen Arap Emirliklerinden, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Owganystan döwletinden Birleşigiň daşary ýurtly agzalarynyň 16-sy, Birleşigiň Türkmenistandaky şahsy we köpçülikleýin agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary we deputatlary, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de talyplary, gazet-žurnallaryň redaktorlary, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer bileleşiginiň XXIII maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi.

Maslahatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň alyp baran işleriniň netijeleri we dünýä türkmenleriniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň resminamalaryna gol çekildi.

Maslahatyň ahyrynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny göz öňünde tutup, birleşigiň türkmenistanly we daşary ýurtly agzalarynyň birnäçesi «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglanyldy hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahatyna gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenmesi kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň