Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana saparynyň birinji güni tamamlandy

23:0515.09.2022
0
24401
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana saparynyň birinji güni tamamlandy
Surat: president.uz

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak bilen baglylykda, Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar.

Resmi özbek internet neşirlerinde habar berlişi ýaly, 15-nji sentýabrda günüň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow «Hormatly myhmanlar» seýilgähinde nahal oturtdy hem-de «Baky şäher» medeni-etnografik toplumyna baryp gördi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti «Baky şäher» medeni-etnografik toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde Gündogar ýurtlaryna mahsus bazara baryp görüp, özbek milli tamdyr somsasynyň taýýarlanylyşyna syn etdi. Türkmen Lideri Özbegistana iş saparynyň birinji gününi «Samarkandyň ýyldyzlary» restoranynda belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna guralan resmi däl agşamlyk naharyna gatnaşmak bilen tamamlady.

Ýeri gelende bellesek, agzalan çärelere Türkmenistanyň Prezidentinden başga-da, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şarif, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýranyň Prezidenti Ybrahym Raisi, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew dagy gatnaşdylar.

Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana saparynyň çäklerinde şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, ŞHG-nyň Baş sekretary Çžan Min, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyklary geçirendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň