Soňky habarlar

Arhiw

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny täze derejä çykarar

14:2315.09.2022
1
42347
Putin: Russiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny täze derejä çykarar
Surat: kremlin.ru

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant şäherinde geçirilýän nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirdi.

Rus Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, W.Putin duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentine şu ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabat şäherinde geçirilen Hazar sammitinde rus wekiliýetini mähirli garşylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Aşgabat sammitiniň ýokary derejede geçirilendigini we onuň döwletara gatnaşyklaryny berkitmekde, Hazar sebitinde strategik hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2022-nji ýylyň türkmen-rus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen bagly dabaralara we köp sanly çärelere baý bolýandygyna üns çekdiler. Geçen ýyllaryň dowamynda iki ýurt özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýup, sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça birek-birege goldaw berdiler.

Rus Lideri iki ýurduň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalanmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn şahsy goşandynyň bardygyny belledi. Şoňa görä-de, G.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglanandygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada hem pikir alşyldy.

Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana saparynyň çäklerinde şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, ŞHG-nyň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşyklary geçirendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň