Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler

16:2829.06.2022
0
12054
Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler
Surat: kremlin.ru

Aşgabatda geçýän VI Hazar sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Söhbetdeşler hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda özara gyzyklanmalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň Liderleri ozal gazanylan şertnamalaryň döwletara, Hökümetara derejelerinde we işewürler düzümleriniň ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin döredilendigini bellediler.

Söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç we energetika toplumy, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, gurluşyk we serişdeler senagaty, suw hojalygy, obasenagat toplumy, syýahatçylyk we beýleki ulgamlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň