Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Si Szinpin bilen duşuşdy

09:4815.09.2022
0
22471
Serdar Berdimuhamedow Si Szinpin bilen duşuşdy
Surat: Xinhua

Habar berşimiz ýaly, şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Samarkant şäherine sapar bilen bardy. Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, HHR-iň Başlygynyň Özbegistana sapary wagtynda bolýan rezidensiýasynda ― «Forumlar Mažmuasi» merkezinde guralan duşuşykda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Şunda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti aýratyn nygtalyp, onuň gerimini has-da giňeltmek bilen bagly anyk teklipler beýan edildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaýyň «Merkezi Aziýa ― Hytaý» hyzmatdaşlyk meýdançasynda işjeň özara gatnaşyklary ilerledýändigi, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň hem-de Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça taslamanyň çäklerinde anyk çäreleri durmuşa geçirýändigi bellenildi.

Şular barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-iň Başlygy ikitaraplaýyn duşuşygyň ahyrynda dostluk, özara ynanyşmak, birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň