Türkmenistanyň Prezidenti Samarkant şäherinde geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, şu gün ir bilen Özbegistan Respublikasyna sapar bilen bardy.
Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidentini howa menzilinde Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdylla Aripow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti şu gün Hezreti Hizr toplumyna baryp görer, şeýle-de Özbegistanyň birinji Prezident Yslam Karimowy hatyralamak dabarasyna gatnaşar.