Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi bilen duşuşdy

17:2615.09.2022
0
32071
Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi bilen duşuşdy
Surat: president.uz

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant şäherinde geçirilýän nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda görkezilen mähirli myhmansöýerligi üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.

Türkmen Lideri Özbegistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Samarkantda alnyp barylýan ajaýyp döredijilik işlerine ýokary baha berdi. Prezidentler Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ýakyn dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we strategik hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny we soňky ýyllarda anyk işler bilen baýlaşdyrylandygyny bellediler.

Söwda ulgamynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ýokarlanýandygy we ýylyň başyndan bäri özara söwdanyň 10% ýokarlanandygy bellenildi. Bilelikdäki hyzmatdaşlyk taslamalary logistika, senagat, oba hojalygy we suw dolandyryşy ýaly ugurlarda durmuşa geçirilýär.

Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana saparynyň çäklerinde şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, ŞHG-nyň Baş sekretary Çžan Min, şeýlede Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyklary geçirendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň