Türkmen we hindi işewürleri Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan wideomaslahatda syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ilçihananyň jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly habar berildi.
Bu çärä Hindistanyň Syýahatçylyk ministrligi we Hindi syýahatçylyk operatorlary birleşigi hem goldaw berdi.
Wideoşekilli pikir alyşma Hindistan bilen Türkmenistanyň arasynda syýahatçylygy ösdürmek üçin mümkinçilikleri öwrenmek üçin ajaýyp platforma öwrüldi.
Çärä iki tarapdan 30-dan gowrak işewür wekili gatnaşdy.