Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol kubogy ― 2022-ä badalga berilýär

10:0408.09.2022
0
4941

Şu gün ― 8-nji sentýabrda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň täze möwsümine badalga berler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, Kubok ýaryşyna bu ýyl 8 topar gatnaşar. Olar, şol bir wagtyň özünde, Ýokary liganyň wekilleridir.

Federasiýanyň eminler bölümi 8-nji hem-de 9-njy sentýabrda geçiriljek çärýek finalyň ilkinji duşuşyklary barada aşakdaky maglumatlary berdi.

Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň çärýekfinal duşuşyklary:

08.09.2022 ý. (penşenbe)
“Ahal” – “Merw”
Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 17:30
Duşuşygyň emini: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)
Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat “)

09.09.2022 ý. (anna)
“Energetik” – “Şagadam”
Geçirilýän ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)
Başlanýan wagty: 17:15
Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

“Köpetdag” – “Aşgabat”
Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 17:30
Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: S.Gurbanow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

“Altyn asyr” – “Nebitçi”
Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 17:30
Duşuşygyň emini: B.Atdyýew (Tejen ş.)
Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň