Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekilini kabul etdi

21:4607.09.2022
0
10356
Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekilini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi. Duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Hytaýyň Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan ilkinji ýurtlaryň biridigini belledi. Şeýle-de türkmen döwletiniň Baştutany söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada aýdyp, häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi.

Duşuşykda ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar ulgamy, maýa goýum işi we başga-da birnäçe pudaklar möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda myhman hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşiň täze derejesine çykmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn hyzmatynyň bardygyny nygtady. Şeýle hem Li Hueý Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hormatly Arkadagyň şu ýylyň fewral aýynda hytaý tarapynyň çagyrmagy boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde, Pekinde geçirilen XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşan mahalynda bolan duşuşyklary mähir bilen ýatlaýandygyny aýtdy we Hytaýyň ýolbaşçysynyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny aýdandygy baradaky habary türkmen döwletiniň Baştutanyna ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow aýdan mähirli sözleri hem-de iberen kitaplary üçin HHR-iň Başlygy Si Szinpine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň