HHR-iň Hökümetiniň Ýewraziýanyň işleri boýunça ýörite wekili Türkmenistanda saparda bolýar

08:5807.09.2022
0
10245

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýanyň işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýiň arasynda duşuşyk geçirildi.

6-njy sentýabrda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar strategiki häsiýete eýe bolan dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler. Taraplar Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar diýlip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habarynda bellenilýär.

Şeýle hem Türkmenistan bilen HHR-iň dürli halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýeti bellenildi.

Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri, ilkinji nobatda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini we gabat gelýändigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň