Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Energetigi» myhmançylykda uly hasap bilen ýeňdi

21:0603.09.2022
0
25211

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynda «Altyn asyr» myhmançylykda Marynyň «Energetigini» 5:1 hasabynda ýeňdi.

Eýýäm birinji ýarym tamamlananda, «aragatnaşykçylar» 3:0 hasabynda öňdediler. Birinji ýarymda Begmyrat Baýow iki, Myrat Annaýew bir gezek tapawutlandy.

Ikinji ýarymda Rahman Myratberdiýew myhman toparyň artykmaçlygyny has artdyrdy. 62-nji minutda bolsa Altymyrat Annadurdyýew 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp, «Altyn asyryň» bäşinji pökgüsini hem geçirdi.

Ýer eýelerinden diňe 90njy minutda Teýmur Çaryýew tapawutlandy.

Ýazguly Hojageldiýewiň topary toplan 18 utugy bilen ýaryş tertibiniň ikinji ornundaky ýerini gorady. Topar birinji orundaky «Ahaldan» 4 utuk yzda barýar. 7 utukly «Energetik» bolsa altynjy orunda galdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň