Hytaý Türkmenistandan 850 tonna buýan köküni satyn aldy

20:2031.08.2022
0
20077

Ýurdumyzyň hususy ulag we logistika kompaniýasy Bir Kuwwat, Hytaýyň «Shanxi Investment Group International Logistic Co Ltd» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda köp mukdarda buýan köküni Hytaýa iberdi.

Bir Kuwwat hususy kompaniýanyň wekilleriniň «Türkmenportala» habar bermegine görä, Türkmenistandan multimodal ugur boýunça gadymy Sian şäherine (HHR) iberilen otly 850 tonna agramly 42 sany konteýnerden ybarat boldy.

Ugradylan buýan köki S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» oba senagat toplumyna öndürilendir. Ýükli kerweniň 20 günüň içinde ýol aşmagy, multimodal ugruň — ýol, deňiz we demir ýol ulaglarynyň ulanylmagy esasynda mümkin boldy.

Buýan kökli konteýnerler Türkmenabatdan Halkara deňiz porty Türkmenbaşy şäherine ýetirilip, deňiz bilen Aktau (Gazagystan) bardy we şol ýerden demir ýol bilen Horgos serhet bekedi (HHR) arkaly Siýan şäheriniň duralgasyna eltildi.

2020-nji ýylyň mart aýynda döredilen Bir Kuwwat hususy kompaniýasy Türkmenistanyň içinde we GDA, Ýewropa ýurtlaryna, Hytaý we Günorta-Gündogar Aziýa döwletlerine ýük daşamagy guramak üçin giň hyzmatlary hödürleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň