“Türkmenhowaýollary” milli gullugy 2015-nji ýylyň 15-nji aprelinden içerki gatnawlaryň petekleriniň bahasyny galdyrdy. Bir ugur boýunça petekler ortaça 12 manat (ABŞ-nyň 3,50 dollary) gymmatlady.
Şeýlelikde şu aralyklardaky gatnaw peteklerine şeýle nyrh goýuldy: Aşgabat — Türkmenbaşy 77 manat (22 dollar) Aşgabat — Balkanabat — 55 manat (takmynan 16 dollar), Aşgabat — Mary — 60 manat (17 dollar), Aşgabat — Türkmenabat — 71 manat (20 dollar).
Öň içerki awiagatnawlaryň bahalary 2012-nji ýylda galdyrylypdy. Häzirki wagtda içerki gatnawlaryň bahalary elýeterli bolup, türkmenistanlylara maşgala bolup ýurda gezelenç etmäge mümkinçilik berýär.