Arhiw

Frankfurt şäheriniň howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini mälim etdi

20:1526.08.2022
1
51036

Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäheriniň howa menzili resmi web sahypasynda Türkmenistana uçuşlaryň tertibini çap etdi. Uçuşlar 2022-nji ýylyň 27-nji awgustynda amala aşyrylyp başlar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary howa menziliň 2-nji terminalyndan her hepdäniň çarşenbe we şenbe günleri Maýn boýundaky Frankfurt — Türkmenabat ugry boýunça uçuşy amala aşyrarlar.

T5 462-nji reýs her hepdäniň çarşenbe güni sagat 14:50-de Maýn boýundaky Frankfurt şäheriniň howa menzilinden ugrar we çarşenbe güni 23:30-da Türkmenabadyň howa menziline gonar (GMT+2).

T5 464 reýs bolsa her hepdäniň şenbe güni Maýn boýundaky Frankfurt şäheriniň howa menzilinden sagat 15:50-de uçup, ýekşenbe güni sagat 00:20-de (GMT+2) Türkmenabada geler.

Uçuş wagty, takmynan, 5 sagat 30 minuta deň bolar.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Germaniýa bilen yzygiderli howa gatnawyny dikeldendigi mälim boldy. Türkmenistandan Germaniýa gitjek ýolagçylar üçin bir petegiň bahasy 5,705 manada, Germaniýadan Türkmenistana ugraýan ýolagçylar üçin bolsa bir petegiň bahasy 6,070 manada deň bolar.

Şeýle hem, «Türkmenistan» awiakompaniýasy häzirki wagtda Moskwa (Russiýa), Kazana (Tatarstan, Russiýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň