Turkmenportal logo
26.08.22
7864478644
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Germaniýa bilen yzygiderli howa gatnawyny dikeltdi
Türkmenistan Germaniýa bilen yzygiderli howa gatnawyny dikeltdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Germaniýa bilen yzygiderli howa gatnawyny täzeden dowam etdirer. Bu barada «IA Media» kompaniýanyň Aşgabatdaky ofisine salgylanyp, habar berýär.


Uçuşlar çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylar. Ýolagçy gatnawlary Aşgabat — Frankfurt — Türkmenabat ugry boýunça ýola goýlar.


Türkmenistandan Germaniýa gitjek ýolagçylar üçin bir petegiň bahasy 5,705 manada, Germaniýadan Türkmenistana ugraýan ýolagçylar üçin bolsa bir petegiň bahasy 6070 manada deň bolar.


Ýolagçylar petekleri «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky kassasyndan satyn alyp bilerler.