Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazowyň topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda duşuşyk geçirer

17:3618.08.2022
0
8249

Gonkongyň «Kitçi» futbol topary 19-njy awgustda Tailandyň «Bi Ji Pathum Ýunaýted» topary bilen AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda duşuşar.

«Kitçiniň» taryhynda ilkinji gezek ýaryşyň utulan-çykdy tapgyryna geçip görendiigni ýatladýarys. Toparda türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow hem çykyş edýär.

Ýaponiýanyň Saýtama şäherindäki «Urawa Komaba» stadionynda geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň