Top.Mail.Ru

Russiýada «migrant statusynyň» eýelerine ýaşamak üçin rugsatnama almagy aňsatlaşdyrýan Kanun kabul edildi

17:0818.08.2022
0
37871

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýada ýaşamak üçin ygtyýarnama almagyň tertibini «migrant statusy» boýunça aňsatlaşdyrylan görnüşini düşündirdi.

Russiýa Federasiýasynyň 14.07.2022 senedäki № 357-FЗ belgili «Daşary ýurt raýatlarynyň Russiýa Federasiýasyndaky hukuk ýagdaýy hakynda» döwlet Kanunyna üýtgetmeler girzmek hakynda» Kanunynyň kabul edilmegi bilen hem-de Russiýa Federasiýasynyň beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda, Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna Ygtyýarnama esasynda göçüp barýan «migrant statusly» şahslar Russiýa Federasiýasynyň çäginde

Wagtlaýyn ýaşamaga bolan ygtyýarnamany resmileşdirmezden ýaşamaga rugsatnama almak üçin resminamalaryny tabşyryp bilerler» diýlip, Ilçihananyň resmi Telegram-kanalyndaky beýanatda bellenilýär.

Şunuň bilen birlikde, bu düzgün Russiýa Federasiýasynyň çäginde gozgalmaýan emlägiň bolmagyna garamazdan, «migrant statusynyň» eýelerine degişlidir.

Bu düzgün degişli Kanunyň 8-nji maddasynyň 19-njy bölüminde berkidilip, 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda güýje girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň