TÝL ― 2022: Abdyrahmanow bilen Diniýew netijeli futbolçylaryň hatarynda ikinji orna beýgeldiler

10:2617.08.2022
0
2183

Ýokary liganyň 4-nji tapgyrynda tapawutlanan futbolçylaryň ikisi ― «Merwden» Alibek Abdyrahmanow we «Ahaldan» Meýlis Diniýew möwsümiň netijeli futbolçylarynyň sanawynda ikinji orna geçdiler. Bu futbolçylaryň ikisi hem möwsümdäki üçünji goluny geçirdiler.

Indi möwsümde üçünji pökgüsini geçirip, sanawyň ikinji ornuny paýlaşýan futbolçylaryň sany 5-e çykdy. Üç gollularyň arasynda «Ahaldan» Arslanmyrat Amanow bilen Elman Tagaýew, «Altyn asyrdan» Myrat Annaýew dagylar hem bar.

Netijeli futbolçylaryň sanawynyň başyny bolsa hersi 5 goldan geçiren Didar Durdyýew («Ahal») bilen Begenç Akmämmedow («Köpetdag») çekýär. 4-nji tapgyrda bu futbolçylaryň ikisi hem tapawutlanyp bilmedi.

Umuman, sanawdaky futbolçylaryň sany 28-e çykdy. «Energetikden» Suržitdin Jumaniýazow, «Altyn asyrdan» Altymyrat Annadurdyýew, Rahman Myratberdiýew, Yhlas Toýjanow dagylar möwsümdäki ilkinji goluny geçirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň