Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

08:0010.08.2022
0
4278
Türkmenistanyň wekiliýeti V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Oýunlar Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýär.

Türkmen toparynyň ýörişiniň başyny agyr atletikaçy Hojamuhammet Toýçyýew çekdi.

Açylyş dabarasynda gatnaşyjy wekiliýetleriň ýörişi döwletleriň adynyň elipbiý tertibine görä guraldy.

Şäherdäki «Büýükşehir» stadionynda geçirilen açylyş dabarasyna 42 müň tomaşaçy gatnaşdylar. Olar Türkmenistanyň toparyny gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

V Yslam Raýdaşlygy oýunlary 18-nji awgusta çenli dowam eder. Onda 56 döwletden 4 müňden gowrak türgen sportuň 24 görnüşi boýunça medallaryň 483 toplumy üçin göreşer. Ýaryşlar Konýa şäherindäki sport binalarynyň 14-sinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň