Garabogazkölüň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygyna badalga berildi, geljek 7 ýylyň dowamynda Türkmenistanda aýlyk zähmet haklary iki essä golaý artdyrylar, gyrgyz bazarynyň 74% türkmen pomidorlary bilen üpjün edilýär

11:0009.08.2022
0
6832

1. Türkmenistanda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Täze köpri ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Desga Türkmenbaşydan Garabogaz aýlagynyň üsti bilen Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlar. Köpriniň umumy uzynlygy 354 metre, ini 21 metre deňdir.

2. Türkmenistanda aýlyk zähmet haklarynyň möçberi 2028-nji ýyla çenli 1,8 esse artar. Bu çaklama «Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Resminama laýyklykda, zähmet haklarynyň ösüşi import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürýän täze kärhanalaryň gurluşygynyň hasabyna gazanylar. Geljek 7 ýylyň dowamynda takmynan 30 müň sany täze iş orny dörediler, 10 sany döwrebap hassahana, 40 sany mekdebe çenli çagalar edaralary, 54 sany umumybilim berýän orta mekdepler we 4 sany ýokary okuw mekdebi gurlar. Durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanmak we täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin jemi 278,9 mlrd manat gönükdiriler.

3. Üstümizdäki ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň dowamynda Gyrgyzystan Türkmenistandan pomidorlaryň importyny 11,4 müň tonna çenli artdyrdy. Eksportyň bahasy ortaça 6,6 million amerikan dollaryna deňdir. Geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň möçberi 2 essä golaý ýokarlandy. Türkmenistandan iberilýän önümler ýerli bazaryň 74%-ni eýeleýär.

4. Turkmenportal saýtynda «Awtosyn» gepleşiginiň ikinji sany çykdy. Gepleşigiň täze sanynda Ýunus Allanazarow Aşgabadyň ýollarynda 2021-nji ýylda öndürilen «BMW X6» ulagyny synagdan geçirdi.

5. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän «Eşret» daýhan birleşiginde günde 30 müňden gowrak towuk ýumurtgasy öndürilýär. Mundan başga-da, hojalyk tarapyndan 99 ýyl möhlet bilen kärendesine alnan oba hojalyk meýdanlarynda guşlary iýmitlendirmek üçin bugdaý, mekgejöwen, dary we soýa ösdürilip ýetişdirilýär. Bu bolsa önümiň özüne düşýän bahasyny gymmatyny we ilata elýeterli bahadan ýerlemäge mümkinçilik berýär.

6. Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» söwda merkezinde keşdeçileriň ýarmarkasy geçirildi. Söwda meýdançasy döredijilik we el işleri bilen gyzyklanýan adamlary bir ýere jemledi. Ýarmarkanyň myhmanlaryna türkmen milli usulynda taýýarlanan ýantorbalar we bezeg önümleri, ýarymgymmat bahaly daşlardan taýýarlanan şaý-sepler, ýadygärlikler we sowgatlyklar, gurjaklar we ýumşak oýnawaçlar, hatly bukjalar we hatly gap-gaçlar hödürlenýär. Şeýle hem saglyk taýdan çäkli mümkinçilikleri bolan 10 sany ýetginjek bu söwda meýdançasyna tölegsiz esasda gatnaşmaga hem-de özleriniň uly yhlas we söýgi siňdirip ýerine ýetiren ýönekeýje önümlerini hem-de naşyja sowgatlyklaryny satmaga mümkinçilik aldylar.

7. Hytaýda ýangyn sebäpli 900 ýyl mundan öň gurlan iň uzyn agaç arkaly Wanýan köprüsi ýykyldy. Ýangynyň sebäbi heniz anyklanmady. Heläkçilik wagtynda hiç kime zeper ýetmedi. Wanýan köprüsi Sun nesilşalygynyň höküm süren döwründe (960 – 1279) gurlupdy. Köpriniň uzynlygy 98,2 metre deňdi we ol Hytaýdaky iň uzyn arkaly köpri hasaplanýardy.

8. Russiýanyň we Türkiýäniň Prezidentleri Wladimir Putin we Rejep Taýyp Ärdogan rus gazyny Ankara getirmek hem-de onuň tölegini bölekleýin rublda tölemek boýunça ylalaşdylar.

9. 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Paralimpiada taýýarlygyň çäklerinde Aşgabatda beden taýdan çäkli mümkinçiliklere eýe bolan şahslaryň arasynda para pauerlifting boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.
Bäsleşigiň netijelerine görä, 2022-nji ýyl üçin para pauerlifting boýunça Milli ýygyndymyza kabul ediljek dalaşgärler hem-de 2022-nji ýylda Tbiliside geçiriljek para pauerlifting boýunça Ýewropanyň açyk çempionatyna gatnaşjak iň güýçli türgenler saýlandy.

10. Wladiwostokda geçirilýän «Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara sport oýunlarynyň dabaraly ýapylyşy geçirildi. 13 ýurtdan 1355 türgen sportuň 19 görnüşi boýunça medallar üçin güýç synanyşdylar. Umumy toparlaryň arasynda Russiýanyň Sibir federal okrugynyň ýygyndysy ýeňiji boldy. Türkmenistanyň milli ýygyndysy bolsa iki altyn, üç kümüň we on bir bürünç medal bilen toparlaryň arasynda onunjy orny eýelemegi başardy.

11. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Ýöriteleşdirilen çagalar we ýetginjekler Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebi 2015-nji ýylda doglan ýaş futbolçylaryň kabul edilýändigini mälim etdi. Topara kabul etmek boýunça saýlawlar 4-nji sentýabrda sagat 8:00-dan 10:00-a çenli «Kemine» köçesiniň 64-nji jaýynda ýerleşýän «Köpetdag» sport toplumynyň futbol meýdançasynda geçiriler. Dalaşgärleriň ýanynda sport geýimi, dogluş hakynda şahadatnamasynyň göçürmesi we 3х4 suraty bolmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň