Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan gyrgyz bazarynyň 74 göterimini pomidor bilen üpjün edýär

14:3008.08.2022
0
6554

Gyrgyzystan şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistandan pomidor importyny 11,4 müň tonna çenli ýokarlandyrdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň hasabatynda aýdylýar diýip, tazabek.kg saýtynda habar berilýär.

Eksportyň mukdary ortaça 6,6 million dollara (bir tonnasy ortaça 581 dollar) deň boldy.

Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, önümiň mukdary 1,8 esse boldy. Munuň özi importyň 1,5% ýokarlanandygyny görkezýär.

Türkmenistandan iberilýän önüm ýerli bazaryň 74%-ni tutýar. Şeýle hem Gyrgyzystana Özbegistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Owganystandan, Hytaýdan, Täjigistandan we Türkiýeden az mukdarda pomidor eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň