Hytaýda iň uzyn arkaly agaç köpri ýangyndan soňra ýykyldy. Ýurduň gündogar Fuszýan ülkesinde ýerleşýän Wanan diýilýän 98,2 metrlik köpri 900 ýyl bäri hyzmat edip gelýärdi. Bu barada HHR-niň Merkezi telewideniýesine esaslanyp, «MIR 24» ýazýar.
Geçitde ýangyn geçen şenbede döredi, ýangyn eýýäm söndürildi, hiç kim ejir çekmedi diýlip habarda aýdylýar.
Wanan köprüsi Sun şa nesli döwründe guruldy. 1708-nji ýylda ol ýangyndan zyýan çekdi we 1742-nji ýylda dikeldildi. Soňra ony birnäçe gezek abatladylar. 1991-nji ýylda köpri sebit derejesinde goralýan oýbektiň derejesini aldy, 2006-njy ýylda ol milli derejä eýe boldy.