Aşgabatdaky «Ewim matalar» dükany matalaryň köpdürli görnüşlerini ýetirýär

14:2604.08.2022
0
16291

Aşgabatda ýerleşýän «Ewim matalar» dükany ýerli we dünýä ýurtlarynyň kärhanalarynda öndürilen ýokary hilli mata görnüşlerini özünde jemleýär.

Atlaz, mahmal, batist, keteni, bukle, welwet, ştapel, gabardin, gipýur, gofre, jins ýaly mata görnüşleri dükanyň harytlarynyň ählisi däl. «Ewim matalar» dükanynda bulardan başga-da matalaryň dürli hilisini tapmak bolýar.

Bu ýerde hödürlenilýän dokma önümleri modany üns merkezinde saklaýan zenanlaryň täzeçil ideýalara laýyklykda geýinmegi, bu babatda dünýä modasynyň şu güni bilen ýaşamagy bagyş edip biler.

Agşamlyk şagalaňlary, işewürlik çygry ýa-da tomus üçin niýetlenen matalaryň haýsysyny saýlanyňda göwnejaý boljakdygyny dükanyň tejribeli hünärmenleri maslahat bererler. Olar satyn aljak islendik mataňyzy nähili ulanmalydygy barada hem täsirli maslahatlaryny ýetirerler.

«Ewim matalar» dükanynda dokma önümlerinden başga-da, türkmen milli äheňli geýimleri we beýleki ýokary hilli egin-eşikleri bezemekde, tikmekde, şeýle hem taýýarlamakda giňden peýdalanylýan furnitura hem-de dürli hili köp sanly aksessuarlar bar.

Bellemeli ýene bir aýratynlyk — alyjylaryň bu ýerden sargyt etjek harytlary bolsa örän gysga wagtyň içinde salgylaryna eltilip berler.

Harytlaryň alyjylara ýetirilýän bahalary-da özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, Aşgabadyň we beýleki ýerleriň dükanlary bilen nyrh babatda bäsdeşlikdedir. Matalar alyjylara bölekleýin we lomaý görnüşde has amatly bolan şertlerde ýetirilýär.

«Ewim matalar» dükany «Paýtagt» söwda merkeziniň 1-nji gatynda 3-nji dükanda ýerleşýär. Telefon belgileri: (+993 64) 60 30 85.

«Paýtagt» söwda merkeziniň birinji gatynda şeýle-de Ýewropa brendleriniň atyrlaryny we kosmetika önümlerini hödürleýän «Ewim perfume» dükanynyň hem ýerleşýändigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň