Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Ewim perfume» dükany dürli isleglere laýyk gelýän atyrlary we kosmetika önümlerini hödürleýär

08:5929.07.2022
0
9701

Aşgabatda ýerleşýän «Ewim perfume» atyrlaryň we gözellik kosmetikasynyň dükany ýokary hilli atyrlary we kosmetika önümlerini, şeýle-de erkekler we zenanlar üçin sowgatlyk toplumlaryny alyjylara ýetirýär.

«Ewim perfume» dükany her bir alyjy üçin köpgyraňly we dürli görnüşli ýakymly ysly atyrlaryň dünýäsi mysalydyr. Dükanda hödürlenilýän atyrlar, hoşboý ysly müşki-anbarlar we kosmetikalar ondan peýdalanýanlar üçin ýatdan çykmajak duýgulary, ajaýyp pursatlary bagyş edip, özboluşly durmuş ýörelgesini döretmäge ýardam edýär.

Müşderiler bu ýerden işewür hem-de işjeň durmuş ýörelgesine eýerýän zenanlar, romantikany halaýan gyzlar we moda ymtylýan gyz-gelinler üçin täsin sowgatlyklary satyn alyp bilerler.

Dükanyň erkekler üçin niýetlenen atyrlary bolsa, öz gezeginde islendik ýaşdakylaryň isleglerine kybap gelýär. Olary dürli hili aýratynlyklary boýunça häsiýetlendirip bolar. Terligi we täsirliligi, salkynlygyň tagamyny berýän ysy bilen tapawutlanýan atyrlar bolsa tüýs sporty halaýanlar üçin niýetlenendir.

Bu ýerde hödürlenen harytlaryň ähli görnüşleri Germaniýadan örän gysga wagtyň içinde getirilip berilýär.

Dükan 2 ýyl mundan ozal «Paýtagt» söwda merkezinde açylyp, geçen döwrüň içinde ýokary hilli hyzmatlary hem-de alyjylara ýetirýän belli Ýewropa brendiniň önümleri bilen derejeli söwda kärhanasy hökmünde giň meşhurlyga eýe boldy.

Bellesek, «Ewim perfume» dükany satyn alnan harytlary Aşgabat şäheriniň çägine mugt eltip berme hyzmatyny hem ýerine ýetirýär.

Dükanyň salgysy: «Paýtagt» söwda merkezi, 1-nji gat, 2-nji dükan;

Telefon belgileri: (+993 61) 53 80 80, (+993 64) 60 30 85.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň